Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary boldy.
Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.