JEMGYÝET

Türkmenistanda 9 aýda 6.3 göterim ösüş gazanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

TÄZE KANUNLAR KABUL EDILDI

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle-de şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi.

9 AÝDA 6.3 GÖTERIM ÖSÜŞ GAZANYLDY

Şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşiň saklanyp galynýandygyny görkezýär. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 581 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň dokuz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,9 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümleriniňki 105 göterime deň boldy.

TÄZE DÖREDILEN ETRAPLARA ÝOLBAŞÇYLAR BELLENDI

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etrap häkimlikleri döredildi we olaryň işgär sany kesgitlenildi hem-de gurluşlary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda birnäçe täze etraplary döretmek barada Kararyň kabul edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna häkimleri we häkimleriň orunbasarlaryny wezipä bellemek barada taýýarlanan resminamalara gol çekendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

BILIMDE 755, SPORTDA 754 MEDAL GAZANYLDY

Mejlisde ylym-bilim hem-de sport ulgamynda şu ýylyň 9 aýynda gazanylan üstünlikler barada hem bellenilip geçildi. Şu döwürde mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 136 altyn, 156 kümüş, 128 bürünç, talyplar bolsa 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medala mynasyp boldular.

Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 754 medala mynasyp boldular.

DOKUZ AÝDA 134 HALKARA RESMINAMA BAGLAŞYLDY

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary boldy.

Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (38-sany)

«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlary geçirildi

Türkmenistanda täze döredilen etraplara täze häkimler bellendi

Türkmenistanda täze döredilen etraplara ýolbaşçylar bellendi

Türkmenistanda täze saglygy goraýyş merkezleri gurlar

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady