SPORT

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýdaky (Birleşen Arap Emirlikleri) “Coca-Cola” arenasynda  PFL ligasynyň häzirki çempiony, türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Kori Anderson “PFL Champions Series 3” ýaryşynyň çäklerinde ýeňil agramly titulynyň ugrundaky 5 raundlyk duşuşykda ýüzbe-ýüz duşuşarlar.

Dubaý şäherinde geçiriljek bu tutluşyk MMA janköýelerine uly gyzyklanma döreder.

Şol gün geçirijek ýaryşyň çäklerinde iki sany güýçli türgenler  – Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň tutluşygy gijeniň esasy sport wakasy bolar.

bu iki türgen ozal hem duşuşypdy, şonda amerikaly türgen ýeňiş gazanypdy. Türkmen türgeni bu gezek ýeňiş üçin sport meýdançasyna çykar.

Amerikaly türgen Kori Anderson professional türgen bolup, 12 ýyldan bäri bu ugurda dürli bäsleşiklere çykyp gelýär. Ol soňky tutluşygyny 2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda geçirip, şol tutuluşykda Denis Goltsowy ýeňipdi.

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bolsa, 13 ýyldan bäri bu ugurda dürli bäsleşiklerde çykyş edip, 2024-nji ýylda garyşyk söweş sungaty sportynda ilkinji çempionlygyny gazandy.

Ol soňky tutuluşygynda, ýagny 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Impa Kasanganaýy ýeňip, çempionlygyny yglan edipdi.

Şol gije meşhur türgen Habib Nurmagomedowyň dogany Usman Nurmagomedow hem Pol Hýuz bilen tutluşyga çykar.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri