JEMGYÝET

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyk dabarasy göni ýaýlymda berilýär

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi başlandy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Teletomaşaçylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişi milli telewideniýede göni ýaýlymda görüp bilerler.

Şeýle hem “Ata Watan Media” topary bolup, Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan çäreleri  “https://www.youtube.com/live/Tkk-3m_0Br4?si=-pvdHgzeMG9y4XxN” tomaşa etmek mümkinçiligini döredýäris.

Related posts

Al Paçino 80 ýaşady

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda Täze ýylda 2 gün dynç alnar

Ata Watan Eserleri

XVI halkara Žautykow olimpiadasyndan medally dolandylar

vepa