JEMGYÝET

Putin, Szinpin, Makron Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Size we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň baştutanlygyňyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar, döwlet ösüşinde täze belent sepgitlere ýetilýär. Hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ähli üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar.

Şu ýylyň başyndan bäri biz iki gezek duşuşyk geçirdik. Olaryň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze tapgyry kesgitlenildi. Hytaý tarapy bilelikdäki tagallalar arkaly syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, birek-biregi berk goldamaga, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga ýardam bermäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak maksady bilen, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny ilerletmäge taýýardyr.

Türkmenistana ösüş we rowaçlyk, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan  ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýar, dünýä giňişliginde öz ornuny barha berkidýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işi dowam etdireris. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adymdan hem-de fransuz halkynyň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Biziň ýurtlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy goýujy ýörelgelerine ygrarlylyk, köptaraplaýyn çemeleşmelere esaslanýan ýakyn we berk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu çemeleşmeler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Fransiýanyň hem awtordaşlygynda gaýtadan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine hem-de Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Fransiýa amala aşyran, mende ýakymly ýatlamalary galdyran resmi saparynyň barşynda başy başlanan taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady