2025-nji ýylyň sentýabr aýynda, garaşsyz halkara hünärmenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy we BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiren «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasyna jemleýji seljermesi geçirildi.
Geçirilen seljermäniň netijelerine laýyklykda, «Bir penjire» ulgamy ýurdumyzda daşary ykdysady gatnaşyklaryň çaltlaşdyrylmagynda we döwlet bilen işewürlik jemgyýetiniň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmekde möhüm ädim hökmünde bahalandyryldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda guramasyna goşuluşmakda esasy ugurlary bilen aýdyň sazlaşýandygy tassyklandy.
Bu ulgamyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda pudagara hyzmatdaşlygyň gowulanandygy we sanly hökümet dolanşygyna geçmekde täze mümkinçilikleriň dörändigi bellenildi.
Häzirki wagtda «Bir penjire» ulgamyna 19 ministrlik ýa-da 24 pudaklaýyn dolandyryş edarasy bir bitewi sanly platforma birikdirildi. Netijede, zerur amallary resmileşdirmek üçin wagt gysgaldy hem-de çykdajylary ep-esli azaldy, hyzmatlaryň aýdyňlygy bolsa ýokarlandy.
Sanly hasabatlara görä, diňe 2024-nji ýylda bu ulgam arkaly 100 müňe golaý rugsat beriş resminamasy, 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda bolsa 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi.