SPORT

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

Täjigistanyň Duşenbe şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda türkmen türgenleri medallaryň 11-sine mynasyp boldular. Sport we söweş sambosynyň hersi boýunça 14 agram derejesinde geçirilen ýaryşda ildeşlerimiziň gazanan üstünlikleri baş baýramymyza özboluşly sowgat boldy.

Ýaryşyň birinji gününde ildeşlerimiz hormat münberine 5 gezek çykdylar. Şunda iki türgenimize öz agram derejesinde taý tapylman, altyn medala mynasyp bolmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Has takygy, söweş sambosy boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde Madina Aýdogdyýewa bilen 64 kilograma çenli agram derejesinde Zyba Orunowa altyn medala mynasyp boldy. Sambonyň şu görnüşinde ýene-de zenanlaryň arasynda 50 kilograma çenli derejede Aminat Guwanjowa bilen 72 kilograma çenli agramdaky türgenleriň arasynda Gülzada Jorakulyýewa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan bolsa, sport sambosy boýunça tutluşyklarda 88 kilograma çenli agram derejesiniň wekili Annageldi Annasähedow bürünç medalyň eýesi bolmagy başardy.

Dünýä kubogynyň açylyş gününde bolşy ýaly, onuň ikinji gününde hem ildeşlerimiz altyn medallaryň ikisini gazandylar. Bu gezek söweş sambosy boýunça erkekleriň arasyndaky ýaryşda 58 kilograma çenli agram derejesinde Ahmet Taňryberdiýew bilen 71 kilograma çenli derejäniň wekili Isa Arslanow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. 64 kilograma çenli agramda ildeşlerimiziň ikisi medal gazandy. Sanjarbek Awazberdiýewi hormat münberiniň ikinji basgançagynda gören bolsak, Seýdylla Akmämmedow bürünç medaldan paýyny aldy. 88 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Abdylla Nazargeldiýew bürünç medaly eýelemegi başardy. Milli ýygyndymyzyň 10-njy medalyny bolsa sport sambosy boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda 65 kilograma çenli agram derejesiniň wekili Jemal Owlýakulyýewa gazandy.

Ýene-de okaň

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy