DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rozmari Dikarlo duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny, hususan-da, parahatçylygy saklamak we halkara howpsuzlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi, şol sanda Merkezi Aziýa üçin BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi we sebitleýin hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň berkidilmegi boýunça pikir alşyldy.

Döwletleriň arasyndaky özara ynamy pugtalandyrmaga hem-de konstruktiw halkara dialogyny ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi aýratyn bellenildi.

Şol başlangyçlaryň çäginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylyk we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly mesele girizildi. Onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini saklamakda we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «Halkara araçylyk güni» atly Kararnama taslamalarynyň garalmagyna garaşylýar.

Söhbetdeşler şeýle hem sebitleýin we dünýä derejesindäki aktual meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi