Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär. Obadaky täze orta mekdepde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir.
Mekdepde döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermek üçin zerur şertler bar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, hemmetaraplaýyn bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, gurulýan ähli umumybilim berýän mekdepler öňdebaryjy okuw tehnologiýalary, häzirki zaman multimedia we interaktiw enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine ýardam berýär.
Dabara gatnaşyjylar oba ilatyna we onuň myhmanlaryna dürli görnüşli harytlary hödürlejek döwrebap söwda merkezi bilen tanyşdylar. Bu ýerde azyk önümlerinden başlap, gündelik durmuşda zerur bolan hojalyk harytlaryny satyn almak bolýar.
Täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary döwrebap obanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Jaý toýy döwletlilik, rysgal-bereket, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklaryň durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşygynyň özboluşly beýanydyr. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp, otaglar ýokary hilli mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylypdyr. Her jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ýaşaýyş üçin oňaýly şertler döredilipdir.