DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Bahreýniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem köpugurly halkara platformalarynyň çäklerindäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy