DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Katarda saparda bolýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 14-nji sentýabrda Dohada Kataryň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Dohada geçiriljek adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk görýän ministrleriň duşuşygynyň çäklerinde boldy.

Kataryň “QNA” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ony goldamagyň hem-de berkitmegiň ýollaryny, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Nobatdan daşary Arap-yslam sammitine taýýarlyk görýän daşary işler ministrleriniň duşuşygy Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdel Rahman bin Jasem Al Taniniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşyga Arap döwletleriniň ligasyna we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Dohadaky sammite Türkiýäniň we Eýranyň Prezidentleri Rejep Taýyp Ärdogan bilen Masud Pezeşkian, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen bir hatarda birnäçe ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Dohanyň ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýan beýannama bilen çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy