SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Göbekli depe we Garahan depe – Türkiýe Respublikasynyň Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän arheologiki ýadygärliklerdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu taryhy ýerler adamzat jemgyýetiniň ilkinji oturymly merkezleri hökmünde ykrar edilendir. Häzirki wagtda Göbekli we Garahan depelerinde dowam edýän gözlegler 12 müň ýyla barabar taryhy gatlaklary açmaga we netijede gadymy adamlaryň durmuşyny we ynançlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýärler.Ýaňy-ýakynda bu ýerde alymlar hakykatdan-da täsin açyş etdiler: olar dünýäde ilkinji üç ölçegli mifologiki (rowaýaty), ýagny daş asyry döwrüniň dini ynançlaryny suratlandyrýan gurluşyň üstünden bardylar. Hünärmenler bu açyşy “täze daş asyry üçin açyş” diýip atlandyrdylar.

Üç ölçegli mif (rowaýat)

Arheologlar gyzyl toprak bilen örtülen uly gabyň içinde ýörite tertipde ýerleşdirilen daşdan ýasalan tabaklary, haýwan heýkeljikleri, taýajyklary, monjuklary we başga-da birnäçe ownuk zatlary tapdylar. Tapyndylaryň hemmesi gyzyl toprak bilen örtülipdur we möhürlenipdir. Olaryň iň haýran galdyryjysy düýpsüz gabyň içinden ýüze çykaryldy: üç sany haýwanyň – tilkiniň, bürgüdiň we ýabany doňuzyň – heýkeljikleriniň kelleleri daşdan ýasalan halka bilen birikdirilipdir. Şeýle gurluşlar ozal diňe uly heýkellerde duş gelýärdi. Bular ýaly kiçijik we tertipleşdirilen gurluş taryhda üç ölçegli mifologiki kyssanyň ilkinji mysalydyr.

Ddepeler: geçmişiň şu gün bilen baglanyşygy

Garahan depe – Türkiýäniň iň gadymy oturymly ýerleri jemlenen Daş depeler atly arheologiki sebitiniň möhüm bölegidir. “Geljege miras” taslamasynyň çäginde bu ýerde arheologiki gözlegler dowam edýär.

Bellemeli zat, syýahatçylaryň bu sebite gyzyklanmasy günsaýyn artýar. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Göbekli depä 709 müňden gowrak jahankeşde geldi we olaryň köpüsi Garahan depä hem aýlanyp gördi.Häzirki wagtda ýaňy üsti açylan arheologiki tapyndylar Ankaradaky Prezident toplumynda guralan “Arheologiýanyň altyn asyry” atly sergide görkezilýär. Bu serginiň maksady Türkiýäniň baý taryhy mirasyny gorap saklamak we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barýan işleri görkezmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Özbegistan Aşgabatda geçiriljek halkara sergide lukmançylyk mümkinçiliklerini hödürlär

Take off Istanbul 2025 Startup diwarlyklaryň satyşlary başlady