DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwletiniň döredilmegini goldady

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina meselesini parahatçylykly çözmek we iki döwletiň – Ysraýylyň we Palestinanyň döredilmegi baradaky karary durmuşa geçirmek hakyndaky jarnamany makullady diýip, BM-niň Täzelikler gullugy habar berýär.

“Nýu-Ýork jarnamasy” bu aýyň dowamynda işini täzeden dowam etdirjek, Fransiýanyň we Saud Arabystanynyň başlangyjy bilen iýul aýynda BM-niň merkezi edarasynda geçirilen halkara maslahatyň netijesi boldy.

BM-niň agza-döwletleriniň 193-sinden 142-si resminamany goldamak üçin karar kabul etdi.

Ysraýyl, ABŞ, şeýle hem Argentina, Wengriýa, Mikroneziýa, Nauru, Palau, Papua-Täze Gwineýa, Paragwaý we Tonga bu ylalaşygy goldamady. 12 döwlet bolsa ses bermekden saklandy.

Related posts

ÝB Owganystana 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegini ugradar

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

2022-2028-nji ýyllar boýunça täze ösüş maksatnamasy kabul edildi