TEHNOLOGIÝA

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

Amerikanyň “ChatGPT” ulgamyny esaslandyran “OpenAI” kompaniýasy emeli intellekti (EI) ösdürmek üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini satyn almak maksady bilen “Oracle” korporasiýasy bilen bäş ýyllyk möhletde 300 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy.

Bu barada “The Wall Street Journal (WSJ)” neşiri habar berdi.

Maglumatlara görä, “Oracle”-yň täze girdejileriniň uly bölegi “OpenAI” bilen şertnamadan alynýan girdejiler bilen baglanyşyklydyr. Şertnamanyň bahasy häzirki wagtda “OpenAI”-yň girdejilerinden ep-esli ýokary bolup, bulut hasaplaýyş pudagynda baglaşylan iň uly şertnamalaryň biri hökmünde görkezilýär.

Şeýle hem, şeýle maglumatlary gaýtadan işlemek merkeziniň işi üçin 4,5 gigawatt kuwwat gerek bolar, bu bolsa takmynan 4 mln öýüň energiýa sarp edişine deňdir.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama