Ýaponiýada ýurduň premýer-ministri wezipesine ilkinji gezek zenan maşgalanyň saýlanyp biljekdigi habar berilýär.
Ýurduň häkimiýet başyndaky Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlygy we hökümet ýolbaşçysy wezipesinden çekilmäge karar beren premýer-ministr Şigeru Isibanyň ýerini eýelemäge iň ygtybarly dalaşgär hökmünde Sanae Takaiti görkezilýär.
Isibanyň hökümetinde ykdysadyýet ministri we daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiren 64 ýaşly Takaiti saýlansa, Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji zenan premýer-ministr bolar.
Premýer-ministr wezipesine şeýle hem Şindziro Koýdzumi, Joşimasa Hayaşi, Joşihiko Noda we Juiçiro Tamaki dalaş edýärler.
Bellenip geçilmeli zat, soňky saýlawlarda Sanae Takaiti Şigeru Isiba bilen ikinji tapgyra çykyp, diňe 21 ses tapawudy bilen (194 garşy 215) ýeňlipdi.