BIZNES

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler

Gazagystan ýakyn wagtda nebitiň önümçiligini ýyllyk 100 mln tonna ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

“Bilşiňiz ýaly, nebit bilen gaz – biziň strategik taýdan örän möhüm çeşmelerimizdir. Nebit pudagy ýurduň ösüşinde aýratyn orun eýeledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda biz gara altynyň gymmatyny doly duýduk. Häzirki gün bu pudak çalt depgin bilen ösýär. Gazagystan dünýäniň nebit bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär, nebitiň çykarylyşy 4 esse artdy we ýakyn wagtda ýyllyk 100 mln tonna ýetiler” – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Tokaýew şeýle hem ugurdaş pikirini aýtdy: uglewodorodlary dünýä energetikasynyň möhüm bölegi bolup galýar we şonuň üçin hem Gazagystanyň energetikasynda möhüm rol oýnar.

“Birnäçe ýurduň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň tejribesiniň görkezýşi ýaly, alternatiw energiýa çeşmeleri kömekçi funksiýany ýerine ýetirip biler” – diýip, Tokaýew Nebitçiler güni öňüsyrasyndaky dabarada nebitçiler bilen gutlag sözünde aýtdy.

Ol şeýle hem milli nebit-gaz toplumynyň öňünde duran möhüm wezipäniň tehnologik döwrebaplaşdyrma, şol sanda emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen baglydygyny belledi.

“Häzirki zaman tehnologiýalary nebit we nebit önümleriniň çykarylyşyny, daşalmagyny we gaýtadan işlenilmegini optimizirlemäge ýardam etmeli. Milli nebitgaz senagaty häzirki zaman talaplaryna laýyk bolmaly. Pudaga arassa we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy örän möhümdir. Geologiýa-barlag işlerini güýçlendirmek we täze känleriň açylmagyna üns bermek zerurdyr” – diýip, ol aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebit-gaz pudagynyň geljekde ösdürilmeginiň esasy şertleriniň biri ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Gazagystanyň nebit-gaz toplumynda 200 müňden gowrak adam işleýär.

Ýene-de okaň

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Türkmenistan ilçisi Awstriýa-Merkezi Aziýa duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan-Malaýziýa: söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk

“Astana Finance Days 2025”: Türkmenistanyň wekilleri halkara foruma gatnaşdy

Türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak maslahatlaşyldy