SPORT

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

III GDA Oýunlaryna gatnaşjak ýurtlaryň we wekiliýetleriň sany, geçiriljek ýeri belli boldy. Azerbaýjanyň gurnamagynda geçiriljek sport ýaryşna 10 döwletden türgenler gatnaşar.

Berlen maglumatlara görä, ýaryşa 10 ýurtdan 1605 türgen we 2330 wekilden ybarat topar gatnaşar. Ilki bilen 8 ýurduň gatnaşjakdygy göz öňünde tutulýardy, soňra bu sanawda Türkiýe we Kuweýt hem goşuldy.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Azerbaýjana 340 türgen, Russiýa – 262, Özbegistana – 254, Belarusa – 240, Gazagystana – 147, Täjigistana – 144, Gyrgyzystana – 126, Türkmenistana – 48, Türkiýä – 38 we Kuweýte – 6 türgen wekilçilik eder.

Şu ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda geçiriljek III GDA Oýunlary Azerbaýjanyň ýedi şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri