BILIM

Hytaýyň uniwersitetlerinde okajak türkmen talyplaryna hökümet talyp haklary gowşuryldy

2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda 2025-nji ýyl üçin Hytaý hökümetiniň talyp haky maksatnamasy boýunça Hytaý uniwersitetlerine kabul edilen türkmen dalaşgärlerine resmi hatlarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu waka Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer gatnaşyklary taryhynda möhüm sahypalaryň birine öwrüldi.

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şuminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ýaşlaryna kabul edilendikleri barada resmi hatlary gowşurdy. Olar Sinszýan-Uýgur Awtonom Sebitiniň ýokary okuw jaýlarynda – Sinszýan uniwersitetinde, Sinszýan lukmançylyk uniwersitetinde,Sinszýan Maliýe we ykdysadyýet uniwersitetinde hem-de Sinszýan Oba hojalyk uniwersitetinde bilim alarlar.

Talyp haky maksatnamasy okuw töleglerini, ýaşaýyş jaýyny we beýleki çykdajylary doly öz üstüne alýar. Bu bolsa ýaşlara Hytaýda ýokary hilli bilim almak üçin gaýtalanmajak mümkinçilik döredýär.

Dabara Hytaý Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Bilim we Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri, talyplaryň ene-atalary hem-de habarçylar gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden ilçi Szi Şumin ynsanperwer gatnaşyklarynyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny bardygyny nygtady.

Ilçi şeýle hem, Hytaýda okaýan döwründe talyplaryň diňe saýlan hünärleriniň eýeleri bolman, eýsem hytaý dilini öwrenjekdiklerini, ýurduň baý medeniýeti we täsinlikleri bilen tanyş boljakdyklaryny belledi. Bu ýagdaý bolsa söwda, ykdysadyýet we energiýa ugurlarynda üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkider.

Talyp hakyna eýe bolan  türkmen ýaşlarynyň wekilleri hem çykyş edip, minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurduň dokuz ýokary okuw mekdebinde müň töweregi talyp we 10 orta mekdepde 5,700-e golaý okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Mundan başga-da, 6,500-den gowrak türkmen talyby Hytaý uniwersitetlerinde bilim alýar, olaryň 250-e golaýy bolsa döwletara ylalaşyklaryň esasynda okaýar.

Hytaýda ýokary okuw jaýlarynyň giň ulgamy bar – 3000-den gowrak uniwersitet bar. “Times Higher Education 2025” reýtingine görä, dünýäniň iň gowy 100 uniwersitetiniň arasynda 7 hytaý uniwersiteti bar, şeýle hem hytaýyň uniwersitetileriniň 300-den gowragy ilkinji 500-likde orun alyp, dünýäniň 115 döwletiniň 2000-den gowrak uniwersitetinden öňde barýar.

Ýene-de okaň

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

«Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigi

Mugt pars dili okuwlaryna ýazylyşyk başlandy

Türkmenistan Kanadada ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular

Özbegistan Ginnesiň rekordlar kitabynda: bir günde 1,9 müňden gowrak robot