MEDENIÝET

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Şu ýylyň 5-9-njy sentýarby aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda “Altyn minbar” XXI Kazan halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanda surata düşürilen çeper filmleriň hem görkezilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu festiwalda türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi bilen özbek režissýory Muzaffarhon Erkinow ýolbaşçylygynda türkmen-özbek kinoçylarynyň bilelikde düşüren «Magtymguly Pyragy» çeper filmi kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetiriler.

“Altyn minbar” film festiwalynyň Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldanýan film taslamalarynyň sanawyna goşulandygyny bellemelidiris. Kinofestiwaly Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň goldawy  bilen geçirilýär.

Türkmen-özbek kinoçylarynyň bilelikde düşüren «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Özbegistanyň Kinematografiýa guramasy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan durmuşa geçirilen uly taslama bolup, halklar arasynda däp bolup gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny alamatlandyrmak bilen, kino sungaty pudagynda barha çuňlaşýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy.

Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly täze filmi sada türkmen maşgalasynyň ykbalyna dünýä taryhynyň täsiri görkezilýär. Baş gahrymanyň adamsy 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründe müňlerçe esger ýaly urşa gidýär. Maşgalabaşysyz galan ene uruş döwrüniň ähli kynçylyklaryna duçar bolýar. Ol maşgalanayň ekleýjisi, adamsyna garaşýan wepaly ýar bolup galýar.

Ýene-de okaň

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler