Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda gönüden-göni uçar gatnawlaryny ýola goýmak babatda ylalaşydy. Bu barada degişli teswirnama Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamowyň arasynda gol çekildi.
Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamow “Özbegistan 24” teleýaýlymyna beren interwýusynda iki ýurduň arasynda uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” formatyndaky ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Şol duşuşykda döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamow raýat awiasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teswirnama gol çekdi.
Özbegistanyň ulag ministriniň aýtmagyna görä, bu resminama geljekde uçar gatnawlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Aşgabat bilen aşkent arasynda 2017-nji ýylyň tomsunda uçar gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilipdi. Şonda “Türkmenistan” awiakompaniýasy iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda gatnawlary açmagy göz öňünde tutupdy.