TEHNOLOGIÝA

Halkara serginiň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi

Aşgabatda geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy.

Ýekeleýin esasda geçirilen «Sumo robot» bäsleşiginde, gatnaşyjylar robot maşynlary ýörite meýdançada göreşdirdiler. Ýaryşyň şertine laýyklykda, okuwçylar öz robotlary bilen garşydaşynyň robotyny ýapon sumo göreşindäki ýaly, kesgitlenen meýdançanyň daşyna çykarmak üçin “güýç synanyşdylar”.

“Bäsleşige okuwçylar hut özleriniň taýynlan robotlary bilen gatnaşdylar. Olaryň hersiniň agramy 1,2 kilograma, göwrümi 25х25 santimetre deň. Batareýalarynyň naprýaženiýasy 12 woltdan ýokary däl we “Ardunio T-T” diýlip atlandyrylýan motorlary bar. Deň häsiýetli robotlaryň tapawutly tarapy olaryň konstruktiw täzeçilligi we dolandyrýan okuwçylaryň çeýeligi bolup durýar” diýip, ýaryşyň baş Emini Ismaýil Hakimow gürrüň berdi.

Çekeleşikli geçen göreşler has ezberleri öňe saýlady. Ýaryşyň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda,

1-nji orna Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Alihan Akgaýew;

2-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Rozymyrat Ýagşymyradow;

3-nji orna Aşgabat  şäherindäki 18-nji mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Aýhan Garýagdyýew mynasyp boldy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Sumo robot» bäsleşigi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň jemleýji gününiň gyzykly wakalarynyň birine öwrüldi.

 

Ýene-de okaň

“Reuters”: Ak Tam “TikTok” sosial ulgamynda resmi akkaunt açdy

Hytaýda ilkinji Bütindünýä robotlar oýunlary tamamlandy

Hünärmenler sanly enjamlaryň zyýanly täsirlerini düşündirdiler

Emeli intellekti işjeň ulanýan döwletler

“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar