SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarow bilen duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, hususan-da saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Ilçi Ş. Meredow «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli lukmançylyk önümlerini öndürmek ugrunda ylmy işleri alyp barmaga we öndürmäge gönükdirilen iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň işi we kärhana tarapyndan öndürilýän halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gündelik talap edilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Related posts

COVID-19: Dünýäde waka we ölüm sany ýokary derejede azalýar 

Ata Watan Eserleri

Dürli deri reňkli ekizler dünýä indi

Bilýäňizmi, görüş jedwelini kim oýlap tapdy?