DÜNÝÄ

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň taryhy duşuşygy

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putin bilen Donald Tramp Alýaskanyň Ankorij şäherindäki taryhy duşuşygy tamamlandy. Olar daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we kömekçileriniň gatnaşmagynda üç sagat söhbet etdiler.

Soňra Putin bilen Tramp metbugata beýanat berdiler. Putiniň ABŞ-a eden soňky on ýylda ilkinji sapary bäş sagatdan köp dowam etdi. Ukrainanyň töweregindäki ýagdaý sammitiň esasy meseleleriniň biri boldy diýip, Russiýanyň Prezidenti aýtdy. Ol Tramp bilen gazanylan ylalaşygyň Ukrainada parahatçylyga ýol açjakdygyna umyt bildirdi.

Putin özüniň Tramp bilen “örän gowy işjeň we ynamly aragatnaşyk gurandygyny” aýtdy.

Putiniň amerikaly ýolbaşçylar bilen soňky duşuşyklary
Putin bilen Tramp iň soňky gezek doly göwrümli sammiti 2018-nji ýylyň iýul aýynda Helsinkide geçiripdiler, duşuşyk iki sagatdan gowrak dowam edipdi.

Gysgaça görnüşdäki duşuşyk 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda G20 sammitiniň çäklerinde bolup, aýak üstünde söhbet 15 minut çemesi dowam edipdi.

Putin bilen Trampyň iň soňky duşuşygy 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Osakada G20 sammitiniň çäklerinde bolup, gepleşikler 1 sagat 20 minut dowam edipdi.

2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda, Trampyň ilkinji prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan soň, Putin Ženewada Jo Baýden bilen duşuşypdy, şol gezek duşuşyk 3,5 sagat dowam edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi