2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystany[ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli intellektiň Gazagystanyň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidigini aýtdy. Ýakyn 5 ýylyň dowamynda Gazagystan özüni emeli aň mümkinçiligini iň ýokary derejede peýdalanýan sanly döwlete öwürmegi meýilleşdirýär. “Kazinform” agentligi dünýäde emeli aň ulgamynyň ornaşdyrylyşynyň mysallaryny öwrendi.
**Lukmançylyk we saglygy goraýyş**
Ysraýylda emeli intellekt saglygy goraýyşda giňden ulanylýar – diagnoz goýmakda, şahsylaşdyrylan bejergide, adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermekde we derman taýýarlamakda işjeň peýdalnylýar. Mysal üçin, “Aidoc” atly startap ýurduň iri hassahanalaryna “AI” algoritmlerini ornaşdyryp, bu hem şöhle arkaly anyklaýyş barlaglarynda insultlary, gan akmalary we süňk döwülmelerini derrew ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
**Bilim**
Finlýandiýa emeli aň ulgamyny bilime işjeň ornaşdyrýar – milli strategiýany mekdep we uniwersitet derejesindäki innowasiýalar bilen utgaşdyrýar. Mysal üçin, “Turku Institute for Learning Analytics” tarapyndan döredilen “ViLLE” platformasy ulanýar. Ol okuwçylaryň jogaplaryny, güýçli we gowşak taraplaryny hem-de beýleki görkezijilerini seljerip, haýsy ýerlerde goşmaça goldaw gerekdigini ýa-da täze wezipelere taýýardygyny kesgitleýär.
**Ulag we logistika**
Niderlandlar emeli intellekt ulgamyny ulag infrastrukturasyndaky netijeliligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ulanýar. Rotterdam portunda “AI” ulgamy gämileriň geljek wagtyny öňki gelmeler, gämi görnüşleri, ugurlar we tizligi barada maglumatlara esaslanyp ýokary takyklyk bilen çaklaýar. Bu terminal, gämi wekilleri we operatorlar üçin meýilleşdirmäni gowulandyrdy we garaşma wagtyny 20% azaltdy.
ABŞ-da “AI” ulgamy logistika hyzmatlarynda ulanylýar. Mysal üçin, “Uber Freight” maşyn öwreniş algoritmlerini ulanýar we boş ýük maşynlarynyň gatnawyny 35%-den 10–15%-e çenli azaldýar.
**Energetika we ekologiýa**
Daniýada ýeliň energiýa öndürilişini çaklamak möhüm ähmiýete eýe, sebäbi ýurduň elektrik energiýasynyň ýarysy gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden gelip çykýar we kä günlerde ýel energiýasy sarp edilişiň 50%-ne çenli ýetýär. “AI” modelleri çaklamalaryň takyklygyny ep-esli ýokarlandyrýar we ulgamy durnuksyz öndüriliş bilen has netijeli işledýär.
Awstraliýada “Neara” startapy energiýa ulgamlarynyň infrastrukturasyny güýçli howa şertlerini hasaba alyp seljerýär, abatlaýyş strategiýalaryny optimallaşdyrýar we üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
**Oba hojalygy**
Niderlandlarda ýyladyşhanalar “AI” kompýuter ulgamlary arkaly ösümlikleriň ýagdaýyny yzarlap, suwaryşy, yşyklandyryşy we temperaturany awtomatiki sazlaýar. ABŞ-da J”ohn Deere See & Spray” ýaly platformalar “AI” arkaly otlary anyklap, pestisidleri diňe zerur ýerlerde sepeläp, himiýa serişdeleriniň sarp edilişini birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berdi.
Awstraliýada “AI” analitikaly dronlar mallaryň saglygyny we öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gözegçilikde saklaýar.