DÜNÝÄ

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary jenap Nyam-Osor Uhralyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
Myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Mongoliýanyň wekiliýeti türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.
Mongoliýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu halkara foruma gatnaşmagy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna goşant goşar.

 

Related posts

Baýden: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygyny goldaýarys

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler

Wens 9-njy fewralda Ermenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri