DÜNÝÄ

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

Ýokary derejeli myhmanlary alyp gelen “Uzbekistan Airlines” awiakompaniýasynyň ýörite uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Tanzila Narbaýewa we wekiliýetiň agzalary iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara mahsus bolan mähirlilik we türkmen myhmansöýerliginiň asylly däpleri esasynda garşylandy.

Goňşy Özbegistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu möhüm halkara foruma gatnaşmagy sebitleýin we halkara ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar hem-de iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna ýardam berer.

Related posts

16-njy oktýabr Bütindünýä Azyk güni

Abdel Fattah Al Sisi: netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdüreris

Halkara guramalary Bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamalary kabul etdiler

Ata Watan Eserleri