DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Owganystanyň “Tolo News” habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan bilen Owganystan Hyrat welaýatynda ýerleşýän Turgundy gury portuny ösdürmek we maýa goýmak üçin şertnama baglaşdy.

Ylalaşyga görä porty giňeltmek üçin başlangyç maýa goýum 5 million dollar bolar. Taslama ammarlaryň gurluşygyny, täjirçilik ýüklerini ýüklemek we düşürmek üçin täze desgalaryň gurluşygyny öz içine alýar.

Owganystanyň Jemgyýetçilik ministrliginiň habaryna görä, ministrligiň Demirýol müdirligi bilen Türkmenistanyň degişli demirýol gurluşyk edarasynyň arasynda şertnama baglaşyldy.

Owganystanyň Jemgyýetçilik işler ministrliginiň metbugat sekretary Muhammet Aşraf Hakşenas: “Ylalaşyk, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrunda ýükleri dolandyrmak üçin ulanyljak täze ammarlaryň we desgalaryň gurluşygyny öz içine alýar” -diýdi.

Onuň sözlerine görä, maýa goýumlary Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylar, taslama Owganystanyň milli kanunçylyga laýyklykda bu ýurduň çäginde amala aşyrylar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda üstaşyr gatnawlarynyň ýokarlanmagyna itergi berer.

Türkmenistan Owganystanyň esasy ykdysady we söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. Elektrik, nebit we gaz üpjünçiliginden başga-da, ýurtlar TOPH gaz geçirijisi, optiki-süýümli aragatnaşyk we demirýol infrastrukturasyny ösdürmek ýaly iri sebit taslamalarynda hyzmatdaşlyk edýär, diýip “ToloNews” habarlar neşiri habar berýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy