DÜNÝÄ

Günorta Koreýa ABŞ-nyň ykdysadyýetine 350 milliard dollar maýa goýar

Koreýa Respublikasy ABŞ-nyň ykdysadyýetine 350 milliard dollar maýa goýmaga we suwuklandyrylan tebigy gazy (LNG) we beýleki energiýa çeşmelerini ABŞ kompaniýalaryndan takmynan 100 milliard dollara satyn almaga razy boldy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp habar berdi.

“Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda Günorta Koreýa ABŞ-nyň eýeçiligindäki we gözegçilik astyndaky we men tarapyndan saýlanan maýa goýumlary üçin ABŞ-a 350 milliard dollar berer. Mundan başga-da, Günorta Koreýa LNG ýa-da beýleki energiýa çeşmelerinden 100 milliard dollar satyn alar we maýa goýum maksatlary üçin ep-esli pul goýbermäge razy boldy” -diýip, Tramp belledi.

Teklip edilýän maýa goýum möçberi Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýonyň Waşingtona amala aşyrjak saparynda mälim ediler.

Tramp Koreýa Respublikasynyň bazarynyň awtoulaglar we oba hojalyk önümleri ýaly Amerikanyň harytlary üçin doly açyk bolmagyna garaşýar. Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Günorta Koreýadan getirilýän harytlar üçin 15% paç alar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi