DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda ministrleriniň duşuşygy

Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Hindistanyň Söwda, senagat, elektronika we maglumat tehnologiýasy ministri Jitin Prasadyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Hindistanyň degişli ministrligi habar berýär.

Duşuşykda Jitin Prasada Nazar Agahanowy ýakynda ministr wezipesine bellenmegi we Hindistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy bilen gutlady. Taraplar Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň esasy mowzuklary oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boldy. Mundan başga-da, ministrler tehnologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar.

Bu duşuşyk, Türkmenistan bilen Hindistanyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýa etmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwletiniň döredilmegini goldady

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar