Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýumlary we daşary söwda boýunça Agentliginiň prezidentiniň orunbasary Doru-Klaudiýan Frunzulika arasyndaky iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň gün tertibinde 2025-nji ýylyň güýz paslynda Buharestde geçirilmegi meýilleşdirilen türkmen-rumyn Hökümetara ykdysady, ylym we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça VIII mejlisiniň guramaçylygy esasy orun eýeledi. Taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda özara ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak we maýa goýum, söwda, sanly transformasiýa, energetika hem-de transport ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça isleglerini tassykladylar.
Ilçi Annaýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň durnukly ösmegine we halkara standartlaryna laýyklykda maýa goýum üçin amatly şertleriň döredilmegine ünsi çekdi. Jenap Frunzulika hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň dürlüliginiň möhümligini belledi hem-de Türkmenistanyň energiýa sarp edýän senagatlary ýerleşdirmek üçin özüne çekiji ýer bolup durýandygyny nygtady.
Türkmen tarapy rumyn telekeçilerini Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilere, forumlara we tenderlere işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Munuň iki ýurduň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we göni gatnaşyklar döretmäge itergi berjekdigi bellenildi. Rumyn tarapy bolsa, türkmen maýadarlar üçin gyzykly bolan orta we uzak möhletleýin taslamalara bagyşlanan häzirki ykdysady maglumatlary we maýa goýum mümkinçiliklerini özünde jemleýän maglumatlary berdi.
Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmek üçin berk binýat döretdi.