Azerbaýjanda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň maksatnamasynyň ikinji gününde Azerbaýjanyň Respublikasynyň Fizuli etrabyna bardy.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Şuşa şäherindäki ýaşaýyş jaý toplumyna bardy. Şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan Şuşa metjidiniň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Aliýew Şuşa şäherindäki Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndna abatlaýyş işleri geçirilen “Geýdar Aliýew we Şuşa” atly sergisine aýlanyp gördüler.
Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe ýadygärlikler toplumlaryna baryldy.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzünde boldular. Bu ýerde Garabag bedewleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat etdi.