DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Botswananyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasy Halkara gatnaşyklary ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň özara gyzyklanma bildiren ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň aýratyn temasy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boldy.

Related posts

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşular

G-7 ýurtlary sanjym paýlar

Kataryň Lusail uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi