Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurt arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-horwatiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýlek-de ösdürilmeginiň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň BMG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri babatda taraplar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çäginde özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ugrunda işlenip düzüljek meýilnamalar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Horwatiýanyň daşary we ýewropa işleri ministriniň Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdirilen saparynyň ähmiýetini tassykladylar. Şol döwürde türkmen-horwatiýa hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparynyň dördünji mejlisi we iki ýurduň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda Ykdysady forum hem geçirilýär.
Söhbetdeşlik döwründe BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy we geçirilmegi meseleleri hem gozgalyp geçildi. Şeýle hem, ministrler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.