DÜNÝÄ

AIIB-niň ýolbaşçysy Awazadaky foruma gatnaşar

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda AIIB-niň  prezidenti Szin Liçun bankyň Türkmenistan bilen bagly tejribesini paýlaşdy hem-de geljekde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýlini beýan etdi.

Bankyň ýolbaşçysy 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy meýilleşdirýändigi nygtady. Şeýle-de, bu çäräniň çäklerinde bankyň pawilýonyny guramaga meýilleriniň bardygyny beýan etdi.

Hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda, taraplar hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem türkmen tarapy duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň häzirkizaman daşary syýasaty, halkara hyzmatdaşlygyndaky işjeň alyp barýan hereketleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege özara düşünişmek we gyzyklanma esasynda geçen duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdiler. Türkmen wekiliýeti bankyň prezidentine we bu edaranyň kitaphanasyna Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hytaý dilindäki neşirini sowgat hökmünde gowşurdy.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy