JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ruandanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ruandanyň Hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar we bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi boljakdygyny nygtadylar.

Related posts

Spor Başarılar: Türkmenistan, 2019 Asya Kupası’nda Galip Geldi

vepa

Döwlet migrasiýa gullugynda ÝHHG wekili bilen duşuşyk

vepa

5.Asya Oyunları İcra Komitesi 400 Personeli İşe Alacak

vepa