BILIM

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi okuwa çagyrýar

«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET GULLUGY
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

 

1. Howa gämileriniň awiasion we radioelekron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
2. Howa gämileriniň we awiaherekete getirijileriniň tehniki taýdan ulanylyşy
3. Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak
4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek
5. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
6. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti  2,5 ýyl, dalaşgärleriň ýaşy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada mekdebiň direktorynyň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwahat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki (12) on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-i we 24-i we 25-i günlerinde Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär:

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär:

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde ýazmaça we dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Amanow (2089) köçe, jaý 17, aeroport, tel.:23-34-21.

Mahabat

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

“Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

9 aýda bilimde 755, sportda 754 medal gazanyldy

Türkmenistanly ýaş zehinliler mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar