SPORT

“Al-Hilal” topary “Mançester Sitini” ýeňip, garaşylmadyk netije gazandy

15-nji iýunda ABŞ-da başlan futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda pleý-off tapgyrlary dowam edýär. Bu tapgyrda güýçli toparlar ýaryşy dowam edýän döwründe käbir garaşylmadyk netijeler hem gazanylýar.

1/8 finalyň garaşylmadyk netijeleriniň esasynda Italiýanyň “Inter” hem-de Angliýanyň “Mançester Siti” topary utulyp, ýaryşdan çykdylar.

Braziliýanyň “Fluminense” topary şu möwsümiň Çempionlar ligasynyň finalçysy “Inter” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Italýan topary bu möwsümde kuboksyz galdy. Topar Italiýanyň çempionatda ikinji orny eýeledi, Italiýanyň Superkubogynda we Çempionlar ligasynyň finalynda ýeňildi.

Angliýanyň “Mançester Siti” topary bolsa, Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparyndan ýeňildi. Saud topary Angliýanyň güýçli toparyny 4:3 hasabynda utdylar. Saud toparynda Malkom hem-de Kalidu Kulibali tapawutlanmagy başardy.

Üstümizdäki ýylda futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty täze görnüşde geçirilýär. Oňa 32 topar gatnaşdy. Final duşuşygy 13-nji iýulda geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady