SPORT

Türkmenistanyň futbol zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2026-nyň saýlama ýaryşyna gatnaşar. Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde «C» toparçada bäsleşmäge mümkinçilik alan zenanlar ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary Mýanmanyň, Bahreýniň hem-de Bangladeşiň zenanlar milli ýygyndy toparlary bolarlar.

«C» toparçadaky oýunlar merkezleşdirilen görnüşde Mýanmanyň Ýangon şäherinde 2025-nji ýylyň 29-nji iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda geçiriler. Saýlama ýaryşyň öňüsyrasy ýygyndy  toparymyz baş tälimçi Boris Borowigiň hem-de tälimçiler Begenç Garaýew bilen Ýewgeniýa Spirinanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyň netijesinde ýygyndy toparymyzyň 22 oýunçydan ybarat bolan gutarnykly sanawy kesgitlenildi.

Bu sanawa derwezeçiler Aýşa Amanberdiýewa (“Dudulu” sport kluby, Türkiýe Respublikasy), Amaliýa Karapetýan (“Ahal” futbol klugy, Ahal welaýaty), Elnura Maksýutowa (“Lebap” futbol topary, Lebap welaýaty), şeýle-de oýunçylar Leýli Atajanowa, Mariýa Çaryýewa, Gülzada Hankuliýewa, Angelina Zemskowa (hemmesi “Altyn Täç” futbol kluby, Aşgabat şäheri), Jeren Mämmedowa, Malika Mämmedowa, Aýlar Berdiýewa, Perwana Kurbanowa, Jemile Babaýewa, Ejegül Durdyýewa (hemmesi “Ahal” futbol kluby, Ahal welaýaty), Aişa Allaýewa, Laçyn Alymjanowa (ikisi-de “Lebap” futbol topary, Lebap welaýaty), Merjen Bagşyýewa, Leýli Batyrowa, Şasenem Taganowa, Halida Eşnyýazowa (hemmesi “Margiana” futbol topary, Mary welaýaty), Şaperi Şadurdyýewa (“Balkan” futbol topary, Balkan welaýaty), Läle Haýypowa (“Istanbul Bilgi” futbol topary, Türkiýe Respublikasy) hem-de Maýa Musaskaýa (“Žalgiris” futbol kluby, Litwa) düşmegi başardylar.

Sanawdan görnüşi ýaly, ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň 7-si “Ahal” futbol klubuna, 4-si Altyn Täç” futbol klubuna, 4-si “Margiýana” futbol toparyna, 3-si “Lebap” futbol toparyna, 1-i “Balkan” futbol toparyna, 3-si bolsa daşary ýurt futbol toparlaryna wekilçilik edýärler.

Sekiz toparçanyň ýeňijileriniň ýaryşyň indiki tapgyryna geçýändiklerini, olaryň hataryna final ýaryşyny kabul edýän Awstraliýanyň ýygyndysy we 2022-nji ýylda Hindistanda geçirilen Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň öňdäki üç ornuny eýelän Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndy toparlary girerler.

Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň yklymyň iň güýçli 12 ýygyndysynyň gatnaşmagynda Awstraliýanyň üç şäherinde – Sidneýde, Pertde we Gold-Kostda, 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 21-nji marty aralygynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini ýatladýarys.

 

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi:

«C» toparça 

1-nji tapgyr (29.06.2025 ý.) 

Mýanma – Türkmenistan

Başlanýan wagty: 17:30

Geçirilýän ýeri: “Thuwunna Stadium” stadiony (Ýangon şäheri, Mýanma)

 

2-nji tapgyr (02.07.2025 ý.)

Türkmenistan – Bahreýn

Başlanýan wagty: 20:30

Geçirilýän ýeri: “Thuwunna Stadium” stadiony (Ýangon şäheri, Mýanma)

 

3-nji tapgyr (05.07.2025 ý.) 

Bangladeş – Türkmenistan

Başlanýan wagty: 20:30

Geçirilýän ýeri: “Thuwunna Stadium” stadiony (Ýangon şäheri, Mýanma)

 

Bellik: duşuşyklaryň geçirilýän wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady