TEHNOLOGIÝA

Sürüjisiz taksi ilkinji özbaşdak eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy

ABŞ-nyň içerki bazarynda “Tesla” kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri işe girizilen “Waymo” (Google) sürüjisiz taksi hyzmaty bilen bäsleşer. “Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, “Tesla Model Y” sürüjisiz taksisiniň müşderiniň öýüne ilkinji özbaşdak eltip bermek hyzmatyny bellenilen seneden bir gün öň amala aşyrylandygyny habar berdi.

“Zawoddan müşderiniň öýüne çenli “Tesla Model Y”-niň ilkinji doly awtonom eltip bermek hyzmaty bellenilen seneden bir gün öň amala aşyryldy!” diýip, ol “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Mask “Tesla”-nyň programma üpjünçiligi we emeli aň çipleriniň inženerlerine bu taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dünýä bazarynda Maskyň kompaniýasynyň esasy bäsdeşleri hökmünde Hytaý kompaniýalary bolan “Apollo Go”, “WeRide” we “Pony AI” görkezilýär.

2016-njy ýylda Mask ilkinji gezek “Tesla”-nyň maýa goýujylaryna kompaniýanyň takmynan bir ýyldan soň adamyň gatnaşmagyna mätäç bolmazdan ýolagçylary howpsuz gatnadyp biljek sürüjisiz awtoulagy hödürlejekdigini aýdypdy.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi