JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürlerini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany hem-de «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini, hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy hem-de «ITOCHU Corporation» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Related posts

Tùrkmenistanda ilat sany 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý artdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkant şäherine bardy

Türkmenistan 2025-nji ýyla gadam basdy

Ata Watan Eserleri