Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň bilim ministri bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeli mysaly hökmünde, Daşkentiň irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň 17 agzadan ybarat wekiliýetiniň okuw-tejribe maksatly häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistana sapary görkezildi. Bu on günlük saparyň dowamynda özbek talyplary we mugallymlary ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda tejribe geçerler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň iýul aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana okuw-tejribe saparyna iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Bu özara saparlaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine taraplar ynam bildirler.
Türkmen tarapy duşuşykda ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, sanly we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, bilim infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede abraýynyň artmagy bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle hem, emeli aň tehnologiýalarynyň bilimde peýdalanylmagy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde gazanýan üstünlikleri aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hem kesgitlediler. Şolaryň hatarynda:
Duşuşykda iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem agzaldy. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 17 medal gazanan Özbegistanyň toparynyň üstünlikli çykyşyny kanagatlanma bilen belledi.
Öz gezeginde, özbek tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky dolandyryş tejribesine, sanly menejment ulgamlaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem, döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi – “Uniwersitetleriň ýarmarkasyny” guramaklygy teklip etdi. Bu başlangyç bilim ulgamynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň döremegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy. Bu halkara çäräniň utgaşykly görnüşde – göni hem-de onlaýn gatnaşmak mümkinçilikleri bilen geçiriljekdigi bellenildi.