JEMGYÝET

Türkmenistan Eýrandan gelýän ýolagçylar üçin bökdençsiz uçuşlary amala aşyrýar

Soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň serhedindäki barlag-goýberiş nokatlaryndan bir ýarym müňden gowrak daşary ýurt raýaty geçdi. «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt raýatlaryna ähli zerur bolan hyzmatlary hödürleýär. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Olar göni awtobus ugurlary arkaly Türkmenistanyň merkezi howa duralgasy bolan Aşgabat Halkara howa menziline ugradylýar. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Kataryň, Bangladeşiň, BAE-niň, Indoneziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Omanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Bahreýniň, Kuweýtiň, Koreýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem haj zyýaratyndan soň Eýrana gaýdyp gelýän eýran raýatlary bar.

Eýrandan gelýän ýolagçylar üçin uçuşlar «Air China», «Inter Global», «S7», «Oman Air», «Kuwait Airways», «Gulf Air», «Fly Dubai», «SCAT Airlines», «Pakistan International Airlines», «Sky Vision Airlines», «Spice Jet», «South Wind», «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ we beýleki meşhur awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy