JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: palestin tarapynyň anyk tekliplerini garamaga taýýardyrys

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. “Biz geljekde-de halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hanym Rana Abu Hijlehi Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy