DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gondurasyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Bilelikdäki beýanata gol çekildi. Resminama gol çekmek dabarasy Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Meri Ýelizaweta Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda halkara guramalarynyň çäginde, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde özara gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan we Gonduras hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşdy

Kaliforniýaly türkmen alym: “Makul Sözlük” daşary ýurtdaky türkmenler üçin umumy salgylanma bolup hyzmat edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabadda golf ýaryşyny gurnady

Ata Watan Eserleri