JEMGYÝET

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­ne we Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­hail Mi­şus­ti­ne hem-de ýur­duň äh­li hal­ky­na Rus­si­ýa­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

“Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­tyn­da bel­le­di hem-de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ar­ka­ly türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dür­li ugur­lar­da mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Prezident Wla­di­mir Pu­ti­ne hem-de Hö­kü­me­tiň Baş­ly­gy Mi­hail Mi­şus­ti­ne berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, üs­tün­lik, Rus­si­ýa­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk we ösüş ar­zuw et­di.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady