DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji Hindistan-Merkezi Aziýa dialogyna gatnaşýar.

Hindistanyň daşary işler ministri S.Jaýşankar 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Hindistan-Merkezi Aziýa dialogynyň 4-nji mejlisi üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini kabul eder. Bu duşuşyk 2021-nji ýylyň dekabrynda Täzeu-Delide geçirilen dialogyň 3-nji mejlisinden soňra Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrundaky ygrarlylygyň nobatdaky subutnamasydyr.

4-nji dialogyň mejlisiniň barşynda söwda, aragatnaşyk, tehnologiýa we ykdysady ösüş hyzmatdaşlygy ugurlaryna garalar. Ministrler sebitdäki howpsuzlyk meseleleri hem-de beýleki sebitara we halkara meseleler barada pikir alşarlar.

Şeýle hem Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hindistanyň Daşary işler ministrligi (MEA) bilen Hindistan Söwda-senagat palatalary federasiýasynyň (FICCI) bilelikde gurnajak Hindistan-Merkezi Aziýa işewürler forumyna gatnaşarlar.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi