DÜNÝÄ

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Haj zyýaratyny ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtlardan Saud Arabystanynabaran zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi.

Bu barada  Saud Arabystanynyň haj we umra ministrliginiň resmi wekili Gassan an-Nuwaými döwlet “Al Ekhbariya” teleýaýlymyna beren beýanatynda belläp geçdi.

“Häzirki wagta çenli daşary ýurtlardan 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy Saud Arabystanyna geldi” diýip, ol belledi.

An-Nuwaými şeýle-de ministrligiň 94 müňden gowrak işgäriniň zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda işleýändigini aýtdy. Ol ministrligiň beýleki döwlet edaralary we hukuk goraýjy edaralar bilen hyzmatdaşlykda işleýändigini belledi.

Şeýle hem belläp geçmeli, şu ýyl haj möwsümi 4-9-njy iýun aralygynda geçirilýär.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi