DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň on birinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow gatnaşdy.

Bu çäre GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda gurnaldy. Bu bolsa, senagat pudagynyň ösdürilmegine we Arkalaşyk giňişliginde bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek görkezýär.

 

Geňeşiň mejlisine Geňeşiň agzalary we Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan, Özbegistan Respublikasy, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, ylmy we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşiň gün tertibine senagatyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Geňeşiň agzalary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň dag-magdan we metallurgiýa toplumynyň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky Konsepsiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny makulladylar.

Geňeşiň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary