JEMGYÝET

Türkmen halky 4 günläp Gurban baýramyny bellär

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda bellemeli.

2. 2025-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky dynç gününi 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 29-njy maýy.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

Ata Watan Eserleri

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi