SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) – Türkmenbaşy – Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizýär.

Awtobus Aşgabadyň A. Nyýazow şaýoly, 422 salgysynda ýerleşýän halkara awtomenzilinden sagat 10:30-da, Türkmenbaşydan bolsa sagat 10:00-da ugraýar. Ýatlatsak, ozal bu ugur boýunça diňe bir awtobus gatnawy hereket edýärdi.

Ýolagçylar biletleri awtomenzilleriň kassalaryndan satyn alyp bilerler. Bir tarapa gitmek üçin ýol nyrhynyň bahasy 65 manat.

Goşmaça maglumatlary kärhananyň www.auh.com.tm resmi saýtyndan, «Şäherara bilet» ykjam goşundysyndan ýa-da şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz: +993 61 49 34 95, 44 35 30, 44 35 20.

Related posts

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Türkiýä Biznes wizasyny almak üçin haýsy resminamalar gerek?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Qatar Airways” bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär